çozmak

çozmak
işlik
1) Hüjüm etdirmek, üstüne dökülmek.
∙ Eziz Tejen şäherine Allaýar han bilen bile çozdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
∙ Onuň bu gije ýa ertir şähere çozjagy-da şübhesizdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
2) Bir süri bolup bir ýere eňmek, bir zada topulmak, bosmak.
∙ Goýunlar suwa çozdy.
3) Göçme manyda Köpçilik bolup bir işe girişmek.
∙ Üzüme çozýan serçeleri, sarlary sapanladylar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Ýazuw düzgüni: Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.
Meselem çozmak - çozdum, çozduň, çozupdyr.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем решить контрольную работу

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»